ABŞ-nyň Oak Ridge milli barlaghanasynyň (ORNL) gözlegçileri batareýa bary-ýogy 20 minutda 50% zarýad berip bilýän elektrik ulaglary üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny görkezdiler. Enjamyň kuwwatlylygy 100 kWt we öndürijiligi 96%, bu ulaglaryň agzalan klasy üçin rekord görkezijidir. Tehnologiýa smartfonlara niýetlenen simsiz zarýad beriji ýaly işleýär. Ulgam setden gelýän energiýany ýokary ýygylykly üýtgeýän toga öwürýär. Zarýad bermek aýlanýan magnit meýdanly köp fazaly elektromagnit birikdiriji katuşkalary ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bu tehnologiýa zarýad beriji enjam bilen awtoulagyň arasyndaky 13 santimetre çenli bolan howa boşlugy arkaly energiýa kuwwatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Gözlegiň awtorlarynyň biri Omer Onar: "Tehnologiýamyz adaty katuşka tehnologiýasyna garanda 8-10 esse ýokary energiýa dykyzlygyna ýetýär we akkumulýatora 20 minudyň içinde 50% zarýad berip biler" -diýdi. Köp fazaly katuşkanyň ýeňil we ykjam gurluşy iň kiçi göwrümli enjamyň iň ýokary energiýa dykyzlygyny üpjün edýär. Katuşkanyň fazaly sargylaryndan emele gelýän aýlanýan magnit meýdanlary ulgamyň kuwwatyny ýokarlandyrýar.