Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi we futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Harri Keýn Germaniýanyň çempionatynda ilkinji möwsüminde salan gollarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada Opta Sports Telegram kanaly habar berýär. Çempionatyň 26-njy tapgyrynda «Darmştad» bilen geçirilen oýunda hüjümçi 31-nji goluny saldy. Şeýle hem netijelilik boýunça Keýn şahsy rekordyny täzeledi. Ondan öň ol Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) «Tottenhemiň» düzüminde iki gezek 30 gol geçiripdi. Keýn şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda «Bawariýanyň» düzüminde 35 duşuşyga gatnaşdy. Ol jemi 37 gol saldy we 10 gol pasyny berdi. Keýn geçen tomus «Tottenhemden» «Bawariýa» geçdi. Nemes kluby 30 ýaşly hüjümçi üçin 95 million ýewro töledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir