Google kompaniýasy işläp düzüjiler üçin her ýylda geçirilýän Google I/O maslahatynyň senesini yglan etdi. Adatça täzelenmeleri, täze tehnologiýalary we enjamlary yglan etmek üçin platforma bolup hyzmat edýän bu çäre şu ýylyň 14-nji maýynda geçiriler. The Verge neşiri emeli aň tehnologiýasynyň we Google-yň emeli aň modeli bolan Gemini-niň Google I/O 2024-iň üns merkezinde boljakdygyny habar berdi. Kompaniýanyň Android 15 operasion ulgamynyň täze aýratynlyklary bilen tanyşdyrmagyna we Pixel 8A smartfonyny hödürlemegine garaşylýar, sebäbi Pixel 7A bir ýyl mundan ozal şol maslahatda yglan edilipdi. Google I/O 2024 Kaliforniýa ştatynyň Mauntin-Wýu şäherinde ýerleşýän Google-yň ştab-kwartirasynda geçiriler. Bu çäre kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda onlaýn ýaýlyma berler. Android 15-iň durnukly nusgasynyň doly tanyşdyrylyşynyň 2024-nji ýylyň güýzünden ir bolmajakdygy bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir