Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy täze hyzmaty - petabaýt derejeli SSD-ler üçin abuna ýazylyşygy işe girizýär. Ol serwer segmentine gönükdirilen bolup, kompaniýalara gymmat bahaly maglumat ýygnaýjylary satyn almagyň deregine kärendesine almaga mümkinçilik berer. Bu barada BusinessKorea salgylanyp, ixbt.com habar berýär. Samsung bu ýazylyşygy hyzmat çykdajylaryny we maglumat saklaýjy infrastrukturasyna başlangyç maýa goýumlary azaltmagyň usuly hökmünde kesgitleýär. Bu ýazylyşygyň kompaniýanyň GTC-2024 çäresinde hödürlemegi meýilleşdirýän täze petabaýt SSD-lerine degişli bolmagyna garaşylýar. Takyk aýratynlyklar we bahalar tanyşdyrylyş dabarasynda mälim edilip bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir