Alymlar 3683 adamyň maglumatlaryny seljerip, ukynyň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýän dört görnüşi ýüze çykardylar. Soňra olaryň her biriniň adam saglygyna uzak möhletleýin täsirini aýtdylar. Alymlar gözlegiň netijelerini Psychosomatic Medicine žurnalynda neşir etdiler. Şeýlelikde: - Ýeterlik ukusyny alýanlar. Şeýle adamlar gözlegiň bütin dowamynda we maglumatlary ýygnamak döwürleriniň arasynda iň kadaly uky tertibini berjaý etdiler, ýagny hepdede azyndan dört gün 7-9 sagat ýatdylar. - Dynç günleri ukusyny alýanlar. Gözlegiň bu gatnaşyjylary yzygiderli däl ýagdaýda we ortaça ýedi sagatdan az ýatdylar. Ýöne dynç günleri olaryň uky dowamlylygy kadaly wagta çenli ýokarlanýardy ýa-da dokuz sagatdan geçýärdi. - Ukusyzlykdan ejir çekýänler. Şeýle adamlarda ukusyzlygyň kliniki alamatlary, şol sanda ýedi sagatdan az uky, gündizine ýadawlyk we uklama bilen bagly kynçylyklar ýüze çykaryldy – uklamak üçin 30 minutdan köp wagt gerek bolýardy. - Ukusyny oňly almaýanlar. Gatnaşyjylaryň bu topary üçin, esasan, gowy uky häsiýetlidi, ýöne olar özüni gowy duýmak üçin günüň dowamynda dört gezekden köp uklamaly bolýardy. Soňky iki topara gözlege gatnaşyjylaryň 77%-i degişli edildi. Şol bir wagtyň özünde gözleg ukusyzlygyň hroniki keselleriň, şol sanda ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň we depressiýanyň ýüze çykmak howpuny 72-188% ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Makalanyň awtorlary gün tertibini üýtgetmegi ýa-da, iň bolmanda, uky gigiýenasyny berjaý etmegi: düşekde ykjam telefonlary ulanmazlygy, yzygiderli sport bilen meşgullanmagy, agşamyna kofe içmezligi maslahat berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir