16-njy martda ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär. Ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyndan badalga berdi. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde döredilen seýilgäh zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bilelikde bag ekmek dabarasyna girişdiler hem-de Arçabil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde emele geljek tokaý zolagynyň döredilmegine badalga berdiler. Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow 7 sany bag nahalyny oturtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir