2024-nji ýylyň 17-nji martynda Tartu obserwatoriýasynyň (Estoniýa) astronomlarynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Älemdäki galaktikalaryň üýşen iň uly toplumynyň tapylandygyny habar berdi. Ol Ýerden, takmynan, 3 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we onda 26 kwadrillion sany Gün bar diýip, phys.org salgylanýan IXBT.com habar berýär. Bu ägirt gurluş galaktikalaryň aşa köp toplanan ýerlerini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri bitiren 95 ýaşly estoniýaly astronom, professor Ýaan Eýnastonyň hormatyna “Eýnastonyň ägirt toplumy” diýlip atlandyryldy. Ägirt toplum biziň Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdan 2000 esse uludyr. Umuman alanyňda, estoniýaly, hindistanly, ýaponiýaly, ispaniýaly we finlýandiýaly gözlegçiler 662 sany ägirt toplumy öwrendiler we adaty ägit toplumlaryň Günüň massasyndan 6 million esse ýokarydygyny anykladylar. Olaryň ortaça ululygy 200 million ýagtylyk ýylyndan ybaratdyr. Täze gözlegler bu gurluşlar baradaky düşünjämizi giňeldýär we olaryň emele gelşi baradaky soraglaryň jogabyny gözlemäge kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir