Ilon Mask Starship kosmos gämisi uçurylanda onuň üstünden düşürilen suratlary paýlaşdy. Bu barada milliarderiň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanýan iXBT.com habar berýär. "Munuň hakyky suratdygyna ynanar ýaly däl" - diýip, Mask suratlaryň birine beren teswirinde aýtdy. Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň üçünji synanyşykda Ýeriň orbitasyna şu wagta çenli gurlan iň uly we iň güýçli kosmos gämisi bolan Starship-i üstünlikli uçurandygyny ýatladýarys. Geljekde ony Ýeriň pes orbitasyna, Aýa we Marsa uçurmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär. 120 metrlik ulgam ilkinji gezek planetanyň daşyndan doly aýlanyp çykdy, ýöne atmosfera girenden soň ýok edildi. Şeýle hem, Mask uçuş meýdançasynyň diňinde oturdylan kameradan Starship-iň uçurylyşyny görkezýän wideony ýerleşdirdi. Ýere gonuş wagtynda weýran bolandygyna garamazdan, SpaceX synagy uly üstünlik hasaplaýar. Işläp düzüjiler bu sapar geçen gezekkilerden has köp öňe gidişligiň bolandygyny aýtdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir