2024-nji ýylyň 17-nji martynda Steam sanly dükany ulanyjylaryň onlaýn işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. Şol gün bir wagtyň özünde 36,3 million adam hyzmatdan peýdalandy, bu platformanyň tutuş taryhynda iň ýokary rekord boldy. Steam-iň öňki rekordy mart aýynyň başynda goýlupdy we ulanyjylaryň sany 34,2 million adam bolupdy. Şol 36,3 million ulanyjynyň arasyndan, takmynan, 11,5 million geýmeriň oýunlara gatnaşandygyny bellemek möhümdir. Galan ulanyjylar diňe Steam programmasyny işe girizdiler, ýöne oýun oýnamadylar. 17-nji martda Steam-de iň meşhur oýunlar: Counter-Strike: Global Offensive (1,44 million oýunçy) Dota 2 (725 müň oýunçy) PUBG: Battlegrounds (706 müň oýunçy) Steam-iň indi birnäçe ýyl bäri ösýändigini bellemelidiris. Muňa ýokary tizlikli internetiň ýaýramagy, kompýuter oýunlarynyň meşhurlygynyň artmagy, Steam platformasyndaky oýunlaryň geriminiň giňelmegi we arzanladyşlaryň, mahabatlaryň geçirilmegi ýaly birnäçe faktor bilen täsirini ýetirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir