Superliganyň 30-njy tapgyrynyň “Trabzonspor” bilen “Fenerbahçäniň” arasyndaky oýny janköýerler bilen futbolçylaryň arasynda dawanyň bolmagy bilen bulaşdy. Trabzonda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. “Fenerbahçe” Frediň (“MÝ-niň” öňki ýarym goragçysy”) iki goly netijesinde hasabyna iki topy ýazdy, ýöne oýnuň ikinji ýarymynda “Trabzonspora” onuň yzyndan ýetmek başartdy. Şeýle-de bolsa, Stambul kluby 87-nji minutda hüjümçi Batşuaýiniň (“Çelsiniň” öňki oýunçysy) goly bilen ýeňiş gazanyp bildi. Final jürlewüginden soň “Fenerbahçäniň” oýunçylary üstünligi bellemek üçin meýdançanyň merkezine ýygnandylar. Şol wagt “Trabzonsporyň” janköýerleriniň biri maskaly meýdança ylgap çykdy we futbolçylaryň üstüne hüjüm etdi, oňa beýleki janköýerler hem goşuldy. “Fenerbahçäniň” oýunçylary özbaşdak garşylyk görkezmek kararyna geldiler. Netijede, uly topalaň turdy. Wideolaryň birinde Stambul klubunyň ýarym goragçysy Braýt Osaýi-Semýueliň bir janköýeriň ýüzüne urandygy we onuň otuň üstüne ýykylandygy görünýär. Stadionyň Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ýagdaýy ele almaga synanyşdylar. Wakanyň netijesinde ejir çekenler barada habar berilmeýär. Türkiýäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bu fakt esasynda derňewiň başlandygyny aýtdy. “Futbol meýdançasynda zorluk kabul ederliksizdir” – diýip, ministr belledi. Türkiýäniň çempionatynda birinji orun üçin ýiti göreş gidýär. “Fenerbahçe” 79 utuk gazandy we ýaryş jedwelinde “Galatarasaraýdan” iki utuk yza galýar. “Trabzonspor” 49 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.