Günde M3.5 klasly güýçli partlama bolup geçdi, onuň dowamlylygy 22 minut boldy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU “IPG”) salgylanyp, TASS habar berýär. Gündäki partlamalar rentgen şöhleleriniň güýjüne görä bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. M3.5 güýçlüligi boýunça üçünji klasdyr. Institutyň maglumatlaryna görä, partlama 16-njy martda Aşgabat wagty bilen 21:35-de bolup geçdi. 15-nji martda bolan C6.0 orta klasly partlamadan soň, Ýeriň golaýyndaky kosmos giňişligine “proton akymlarynyň giň energiýa diapazonynda” aralaşmagy dowam edýär. Şeýle-de bolsa, institutyň maglumatlaryna görä, işjeň protonlaryň akymyndan gelýän howpuň derejesi we Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna edýän täsiri soňky bir günde bäş derejeli şkala boýunça iň gowşak derejeden ýokary galmady. Gündäki partlamalar, adatça, belli bir şertlerde Ýere ýetip, magnit hadysasyny güýçlendirip bilýän Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen bilelikde bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir