“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bu Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa menziliniň ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna görä saklamak maksady bilen, nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, täze halkara howa gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny belledi. Munuň özi howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem talap edýär. Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir