Tekstli beýan etmeden wideo döretmäge ukyply OpenAI Sora neýroulgamy 2024-nji ýylda ähli ulanyjylara elýeterli bolar diýip, The Verge neşiri ýazýar. Çykaryljak senesi entek takyk belli däl, ýöne tomusda bolar diýip garaşylýar. Häzirki wagtda Sora diňe az sanly adamlar üçin elýeterlidir, olaryň arasynda suratkeşler, dizaýnerler we beýleki döredijilik adamlary bar. OpenAI-yň tehniki direktory Mira Murati The Wall Street Journal gazetine beren interwýusynda döredilýän wideolaryň hakykylygy bilen baglanyşykly bolup biläýjek töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, kompaniýanyň Sora-nyň bazara çykarylmagyna seresap çemeleşýändigini aýtdy. Geljekde Sora sesli wideo döretmäge goldaw berer we ulanyjylar wideony redaktirläp hem bilerler. Muratiniň sözlerine görä, Sora DALL-E garanda has köp energiýa sarp edýär, bu bolsa ony çykdajy nukdaýnazaryndan has gymmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir