Aňzakly gyşlary bilen tanalýan Finlýandiýada senagat möçberindäki “çäge batareýasy” gurlar. Ol polýar sowugy wagtynda tutuş şäheri ýylatmak üçin ulanylar. Taslama Polar Night Energy kompaniýasynyň işiniň miwesidir. Içi çägeli (ýa-da şoňa meňzeş gaty materially) uly polat bunker 2022-nji ýyldan bäri üstünlikli işleýän synag desgasynyň, takmynan, 10 essesine barabar bolar. 1 MWt sygymly akkumulýator çaklaň şäheri bir hepde ýyladyp biler. "Çäge batareýasy" toryň artykmaç elektrik energiýasyny ulanyp, merkezde ýerleşýän ýylylyk çalşyjy arkaly gyzdyrylýar. Ýylylygy iň az ýitgiler bilen birnäçe aýlap saklap bolýar we soň zerur bolanda ulanyp bolýar. Täze tehnologiýa Finlýandiýanyň Pornaýnen şäheriniň merkezleşdirilen ýyladyş ulgamynda synagdan geçiriler. Senagatda ýa-da energiýa önümçiliginde öndürilen ýylylyk jaýlary, binalary we hatda, howuzlara hem ýylatmak üçin, paýlaýjy turbalar ulgamyna birleşdiriler. Polar Night Energy-niň “çäge batareýasynyň” gurluşygy we synagy, takmynan, 13 aýdan tamamlanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir