2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde doly Gün tutulma hadysasy bolar. NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, ol 4,5 minutlap dowam eder, bu bolsa ony synlamak we öwrenmek ajaýyp mümkinçilikdir. Hadysa Solar Orbiter we Parker Solar Probe kosmiki apparatlary, şeýle hem müňlerçe astrosuratçylar gözegçilik eder. Gynansagam, bu seýrek astronomiki hadysa diňe Demirgazyk Amerikanyň ilaty şaýat bolar. Gün tutulmasynyň doly fazasy Meksikadan, ABŞ-dan we Kanadadan geçer. Şeýle-de, Gün tutulmasy bölekleýin Günbatar Ýewropada we Merkezi Amerikada görner. Indiki doly Gün tutulmasy baryp-ha 2042-nji ýylda bolup geçer. NASA Gün tutulmasynyň zolagynda ýaşaýanlaryň hemmesini bu täsin wakany duşlaryndan geçirmezlige çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir