14-nji martda SpaceX üçünji synanyşygynda “dünýädäki iň uly we iň güýçli raketany” - äpet Starship raketasyny kosmosa üstünlikli uçurdy. Super Heavy raketa göteriji birinji basgançagy Ýeriň orbitasyna çykardy, soňra Starship aýryldy we suborbital traýektoriýa boýunça uçuşyny dowam etdirdi. Raketa kompaniýanyň Günorta Tehasdaky bazasyndan uçuryldy diýip, Hi-Tech habar berýär. Synag uçuşynyň dowamynda Starship birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetirdi. Gämi kosmosda bolanda Starlink hemralaryny ýerleşdirmek üçin yzygiderli uçuşlarda ulanyljak ýük göteriji bölegiň gapysyny açdy. NASA bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde kompaniýa kosmosda ýangyç geçirilişini hem görkezdi, onuň dowamynda ýangyç kosmos gämisiniň içindäki bir bakdan beýlekisine geçirildi Şeýle-de bolsa, atmosfera dolanandan soň, gämi bilen aragatnaşyk ýitdi. Deslapky maglumatlara görä, Starship ýylylygyň we basyşyň agyr şertlerine döz gelip bilmän pytrady. Gonmak şowsuz bolsa-da, bu eýýäm Starship-iň ilkinji üstünlikli orbital uçuşy hasaplanýar. SpaceX kosmos gämisini döwrebaplaşdyrmak we indiki synaga taýýarlyk görmek üçin maglumatlary derňemegi dowam etdirer. Starship şu wagta çenli gurlan iň uly we iň güýçli raketadyr. Ol 2022-nji ýylda “Artemis-1” missiýasynyň Orion kosmiki gämisini Aýa iberen SLS raketa göterijisiniň ululygyndan we ýük göterijilik ukybyndan öňe geçer. SpaceX 2023-nji ýylda gäminiň iki synag uçuşyny amala aşyrdy: 20-nji aprelde we 18-nji noýabrda. Iki missiýa hem partlamalar bilen tamamlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir