Ýewroparlament emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny kabul etdi. Bu emeli aň ulgamlaryny işläp düzüjiler we ulanyjylar üçin düzgünleri kesgitleýän dünýäde ilkinji resminamadyr. Kanun emeli aň ulgamlary üçin töwekgelçiligiň pes, ortaça, ýokary we kabul ederliksiz ýaly dört kategoriýasyny girizmek bilen, raýatlaryň hukuklaryny bozýan tehnologiýalary ulanmagy gadagan edýär. Şeýlelikde, şular gadagan edilýär: Maglumatlar bazasyny döretmek üçin Internetden ýa-da wideo gözegçilik kameralaryndan ýüz şekillerini ulanýan biometrik kesgitleýiş ulgamlary; Jemgyýetçilik ýerlerinde hakyky wagt režiminde ýüzi tanamak ulgamlary; Işde ýa-da okuwda adamlaryň emosiýasyna baha berýän ulgamlar; “sosial reýtingi” ýa-da profilirlemäni ulanýan ulgamlar; Adamyň özüni alyp barşyny dolandyrýan ýa-da onuň gowşak tarapyndan peýdalanýan emeli aň ulgamlary. Hukuk goraýjy edaralara biometrik kesgitleýiş ulgamlaryny diňe aýratyn ýagdaýlarda (mysal üçin, ýiten adamy gözlemekde ýa-da terrorçylygyň öňüni almakda) ulanmaga rugsat berilýär. Töwekgelçilik derejesi ýokary bolan emeli aň ulgamlary üçin (mysal üçin, lukmançylykda, bilimde, möhüm infrastrukturada) kanun aç-açanlygy we adam gözegçiligini talap edýär. Umumy maksatly emeli aň ulgamlary aç-açanlyk talaplaryna laýyk gelmeli we ÝB-niň awtorlyk hukugy baradaky kanunyny berjaý etmeli. Emeli ýa-da gaýtadan işlenen şekiller bellik edilmelidir. Indi kanun gutarnykly hukuk-lingwistik barlagyndan geçmeli, soň ol Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanar. Kanun ÝB-niň resmi žurnalynda neşir edilenden 20 gün soň güýje girer we iki ýyldan doly derejeli ulanylyp başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir