Şu ýyl Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy uly özgerişlikler bilen geçiriler – Gresiýanyň Olimpiýa komiteti täze baş ruhanyny, ruhanylaryň täze eşiklerini we täze kompozitory, şeýle hem olimpiýa toparynyň lybasyny tanyşdyrdy diýip, RIA Nowosti habar berýär. Olimpiýa alawy 16-njy aprelde gadymy Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gadymy Olimpiýada ýakylar. Olimpiýa alawyny baş ruhanynyň keşbini ýerine ýetirýän aktrisa Gün şöhlelerinden parabolik aýna bilen ýakar, soňra bolsa ony olimpiýa alawy estafetasyna gatnaşyjylara gowşurar. Şu ýyldan başlap, baş ruhanynyň keşbini Gresiýada birnäçe meşhur serialda oýnan aktrisa Meri Mina ýerine ýetirer. Ruhanylaryň we kuroslaryň (ýaş türgenler) lybaslary gadymy grek sütünleri şekilinde döredilipdir. Täze lybaslar geçmişdäki dabaralaryň monohrom lybaslaryndan tapawutlylykda, iki reňkli– gara we ak reňkde bolar. Alawy ýakmak dabarasynyň sazyny Dimitris Papadimitriu ýazar, Gresiýada ony beýik kompozitor diýip atlandyrýarlar. Artemis Ignatiu, ozalkylary ýaly, horeografiýa jogap berer. Alawy ýakmak dabarasy Olimpiýa senasynyň ýaňlanmagy we Olimpiýa baýdagynyň galdyrylmagy, Fransiýanyň we Gresiýanyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi hem-de iki ýurduň baýdaklarynyň galdyrylmagy bilen başlanar. Senalary ABŞ-ly messo-soprano we üç sany «Gremmy» baýragynyň eýesi bolan opera aýdymçysy Joýs Didonato ýerine ýetirer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir