47 ýaşly irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi Versace Icons hatarynyň ilkinji erkek ilçisi boldy. Bu barada brendiň saýtynda habar berilýär. Mýorfiniň gatnaşmagyndaky mahabat kampaniýasy 3-nji aprelde çykar. Aktýor Milan brendiniň erkekler üçin kolleksiýasyndan “esasy we wagta tabyn däl zatlary” hödürlär. “Men Killianyň Versace maşgalasyna goşulýandygyna diýseň begenýärin... Ol özüne çekiji we kadrdaky işleri bilen haýran galdyrýar, maňa onuň Versace-y nähili “janlandyrýandygyna” syn etmek gyzykly” – diýip, brendiň baş dizaýneri Donatella Wersaçe belledi. Versace Icons-yň esasy zatlarynyň hatary geçen ýylyň ýazynda çykaryldy. Onuň ilkinji ilçisi Enn Heteueý boldy. Killian Mýorfi Versace bilen öňem hyzmatdaşlyk edýärdi. Aktýor soňky kino baýraklarynyň gowşurylyş dabaralarynyň ählisine, şol sanda 10-njy martda geçirilen “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna brendiň atelýesinde tikilen kostýumlarda geldi. Ýatlap geçsek, “Mýorfi” Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmindäki baş keşbi üçin “Oskar” baýragyny aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir