Warner Bros studiýasy Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan «Betmen» filminiň ikinji bölüminiň çykjak senesini yza süýşürdi. Supergahrymanly söweş filmi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda çykar. Bu barada Independent neşiri habar berýär. Ilkibaşda filmiň dowamy 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykmalydyr, indi bu senede Meggi Jillenhol we Kristian Beýliň surata düşen «Gelin» atly filminiň çykarylmagy meýilleşdirilýär. Täze filmiň sýužeti barada anyk maglumatlar entek belli däl. Onda baş keşbi Robert Pattinson janlandyrdy. Filmde onuň bilen bilelikde Zoi Krawis (Pişik-zenan), Endi Serkis (Alfred) we Pol Dano (Matalçy) surata düşer. «Independent» neşiriniň habar bermegine görä, filmiň dowamynda birinji bölümiň ahyrynda Matalçy bilen dostlaşan Barri Keogana has köp üns berler. Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu gahryman Jokera öwrülip biler. Sikwele öňki bölümiň üstünde işlän we «Maýmynlar planetasy» filmleri bilen tanalýan Mett Riwz režissýorlyk eder. Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan supergahryman filminiň birinji bölümi 2022-nji ýylyň mart aýynda çykdy. Film 770 million dollar girdeji gazandy. filmde Zoý Krawis, Kolin Farrell, Pol Dano we Jeffri Raýt hem surata düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir