Berliniň tehnosy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň komissiýasy habar berdi. Berliniň tehno-sahnasyny ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak haýyşy bilen 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Rave the Planet täjirçilik däl guramasy çykyş etdi – bu pikiri goldamak üçin bolsa ýörite şüweleňler geçirildi. Berlin tehnosy elektron sazyna degişli bolup, žanr hökmünde 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Berlin diwary ýykylandan soň döredi. Ol tanslylygy, çalt depgini, industrial ses semplleriniň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, onda wokal ýok diýen ýaly. Maddy däl medeni miras obýektleriniň sanawyna Germaniýanyň başga-da birnäçe däp-dessurlary girizildi. Olaryň arasynda Saksoniýadaky alpinizm, Finsterwalde şäherindäki “Biz Finsterwalde aýdymçylary” aýdymynyň ýerine ýetirilişi we beýlekiler bar. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy 2003-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir