1980-nji ýyllarda Antarktidanyň töweregindäki buzuň meýdany 3 million inedördül metre çenli kiçelýärdi. 2022/2023-nji ýylyň tomus möwsüminde Antarktidadaky buzuň umumy meýdany (Antarktidanyň tomsy senenamanyň gyş paslyna düşýär) 1,8 million inedördül metre deň boldy, bu soňky 45 ýyldaky iň pes görkezijidir. Bu barada Russiýanyň Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berýär. «2023/2024-nji möwsüm deňizdäki buzuň meýdanynyň pes derejede bolan möwsümleriniň üçünjisi boldy» diýip, institutda bellediler. Soňky 3 ýylda howa şertleriniň üýtgemegi bilen, yklymyň köp bölegi adatdakysyndan has ýyly boldy. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, Antarktidanyň buz örtügi 2011 – 2020-nji ýyllar aralygynda 2001 – 2010-njy ýyllardakydan 75% köp buz ýitirdi. Umuman aýdanyňda, bu gurama 2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli onýyllygy rekord derejesinde iň yssy diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir