Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi 2023-2026-njy ýyllar üçin futbol ösüşine rekord möçberde 2,25 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu 2016-njy ýyla çenli hereket eden ösüş maksatnamalary bilen deňeşdirilende futbol ösüşine maýa goýumlaryň tas ýedi esse ýokarlandyrylmagydyr. FIFA-nyň 2023-2026-njy ýyllar üçin maliýeleşdirme maksatnamasy “FIFA Forward 3.0” adyny aldy. Onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde, FIFA bu döwür üçin 11 mlrd dollar umumy býujet maksadyndan geçip biler. “Bu biziň 211 agza assosiasiýalarymyza ösüş we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle-de futboly täze derejä çykarmaga kömek etmek üçin has indiwidual hyzmatlary hödürläp biljekdigimizi aňladýar” – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň sözleri getirilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir