Ýaponiýanyň Toyota awtokonserni zähmet haklarynyň 28,4 müň ýena ($193) ýokarlandyrylýandygyny habar berdi – bu soňky 25 ýylda iň uly ýokarlandyrmadyr. Mundan başga-da, kompaniýa işgärlere rekord derejede ýokary bonuslary tölär. Toyota bu barada Ýaponiýanyň birnäçe uly kompaniýalary bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda geçirilen ýyllyk gepleşikleriniň netijesinde aýtdy diýip, kommersant.ru habar berýär. Toyota bu gepleşiklerde kompaniýalaryň arasynda resmi däl lider hasaplanýar. Gepleşiklere beýlekiler bilen bir hatarda Panasonic, Nippon Steel, Nissan we ş.m. gatnaşýar. Bu kompaniýalar hem zähmet haklarynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan etdiler. Kompaniýalaryň bu karary, öz gezeginde, ykdysady ösüşi ýokarlandyrjak sarp ediji çykdajylarynyň artmagyna ýardam edip biler. Şeýle-de, bu Ýaponiýanyň Bankynyň pul-karz syýasatyny üýtgetmek üçin zerur şertleriň biri bolan inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirip biler. Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy işçileriň sosial hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ilatyň pes girdejili gatlagynyň arasynda garyplygyň derejesini hem azaldyp biler. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, köp sanly orta we kiçi kompaniýalaryň hem zehinli işgärleri saklamak we işe çekmek maksady bilen, iri kompaniýalaryň ýörelgesine eýerip, zähmet haklaryny ýokarlandyryp başlamagy mümkin.