ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasy Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny gysga wideolar bilen paýlaşmak üçin niýetlenen TikTok-yň amerikan bölegini satmaga borçlandyrýan kanun taslamasyny goldady. Eger kompaniýa bu teklipden ýüz öwürse, TikTok ýurtda doly gadagan ediler. CNN teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, resminamanyň kabul edilmegine 352 kongresmen ses berdi, 65-isi garşy çykdy. Indi kanun taslamasy Senata iberiler. Prezident Jo Baýden iki palata tarapyndan hem tassyklansa, resminama gol çekjekdigini aýtdy. Kanun kabul edilen ýagdaýynda, TikTok-yň ByteDance bilen aragatnaşygyny kesmegine bäş aý töweregi wagt berler. Kanun taslamasynyň awtorlary bolup respublikan Maýk Gallaher we demokrat Raja Krişnamurti çykyş etdi. Olar bu başlangyjy howpsuzlyk maksady bilen düşündirdiler. ABŞ-nyň häkimiýetleri TikTok-yň üsti bilen amerikalylaryň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyndan ätiýaç edýärler. Hasaplamalara görä, ABŞ-da TikTok-yň 100 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar. Şeýle-de, kanun taslamasy Ak öýüň ýolbaşçysyna beýleki birnäçe ýurt tarapyndan dolandyrylýan beýleki programmalary-da gadagan etmäge hukuk berýär.