UFC-niň öňki söweşijisi Horhe Maswidal bilen MMA-nyň meşhur amerikaly söweşijisi Neýt Dias boks düzgünleri boýunça söweşer. Bu barada belli insaýder we žurnalist Ariel Helwani habar berdi diýip, championat.com belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 79 kg çenli agram derejesinde 10 raundlyk söweş Inglwudda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriler. Ol şu ýylyň 1-nji iýunynda bolar. Belläp geçsek, Maswidal bilen Dias garyşyk başa-baş söweşiň düzgünleri boýunça eýýäm birek-birege garşy söweşdi. Bu 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen UFC 244 ýaryşynda boldy. Şonda söweş Horhe Maswidalyň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Ýatlap geçsek, Horhe Maswidal MMA-da 52 söweşe gatnaşyp, 35 ýeňiş gazandy. Diasyň hasabynda garyşyk başa-baş söweşiň düzgünleri boýunça 37 söweşde 24 ýeňiş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir