Ikinji möhüm ýewrokubok ýaryşy bolan UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. Şeýlelikde, Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna “Liwerpul”, “Marsel”, “Roma”, “Benfika”, “West Hem”, “Atalanta”, “Milan” we “Baýer” çykdy. Bije çekişik 15-nji martda geçiriler. Dörtden bir finala çykanlaryň hiç biri öň Ýewropa ligasynda ýeňiji bolmady. Ýaryşda ýeňiş gazanmaga ýakyn topar “Liwerpul” hasaplanýar. Şeýle-de, esasy dalaşgärleriň üçlügine “Milan” we “Baýer” girýär. Jogap oýunlarynyň netijeleri: “Liwerpul” (Angliýa) – “Sparta” (Çehiýa) – 6:1 (birinji oýun – 5:1) “Wilýarreal” (Ispaniýa) – “Marsel” (Fransiýa) – 3:1 (0:4) “Braýton end Houw” (Angliýa) – “Roma” (Italiýa) – 1:0 (0:4) “Reýnjers” (Şotlandiýa) – “Benfika” (Portugaliýa) – 0:1 (2:2) “West Hem” (Angliýa) – “Fraýburg” (Germaniýa) – 5:0 (0:1) “Atalanta” (Italiýa) – “Sporting” (Portugaliýa) – 2:1 (1:1) “Slawiýa” (Praga, Çehiýa) – “Milan” (Italiýa) – 2:4 (1:3) “Baýer” (Germaniýa) – “Karabah” (Azerbaýjan) – 3:2 (2:2) Final 22-nji maýda Dublinde geçiriler. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi “Sewilýa” we ol ýedi ýeňiş bilen Ýewropa ligasynyň iň köp titully klubydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir