Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýakyn ýyllarda bananyň dünýä nyrhlary ýokarlanyp biler. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Bütindünýä banan forumynyň bilermeni Paskal Lýuwyň sözlerine salgylanýan BBC habar berdi. Ählumumy maýlama käbir sebitlerde banan ekinleriniň zaýalanmagyna sebäp bolup biler, sebäbi bu miwe temperaturanyň üýtgemegine örän duýgurdyr. Mundan başga-da, howa aşa gyzanda dürli keselleriň ýaýramagy hem çaltlaşýar. “Plantasiýa bir kesel ýokuşdygy, banan agaçlarynyň hemmesi guramak bilen bolýar. Ondan dynmak gaty kyn "-diýip BBC ýazýar. Hünärmen, howanyň üýtgemeginden başga-da bananlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljek beýleki faktorlary hem agzady: dökünleriň, energiýanyň we ulagyň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle hem bu pudakda işgärleriň ýetmezçiligi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir