"Jeýms Uebb" kosmos teleskopy Üçburçluk galaktikasynda, Ýerden 2,73 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän NGC 604 ýyldyz emele getirýän sebitiň suratlaryny aldy diýip, Space.com-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär. Enjamyň iki kamerasy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suratlar - ýakyn we orta infragyzyl diapazonda - ozal näbelli bolan kosmiki köpürjikleri, ýaş ýyldyzlary we gaz gurluşlaryny açýar. Üçburçluk gallaktikasy işjeň ýyldyz emele gelýän sebitlere baý we NGC 604 olaryň iň ulusydyr. Onda B we O spektral klasly, ömrüniň başlangyç döwründäki 200-den gowrak täze doglan ýyldyz bar. Olaryň üstüniň temperaturasy ýokary, ak-mawy we mawy reňkler häsiýetli. Bular älemdäki iň yssy we iň uly ýagtylgyçlardyr. NGC 604-iň suraty – bu diňe bir kosmosyň owadan suraty däl. Ýyldyzlaryň emele gelýän bu giň sebitleri dürli molekulalary öz içine alýar, olar jikme-jik öwrenilende planetalaryň we ýyldyzlaryň ösüşi, belki-de, ýaşaýşyň gözbaşlary barada has köp zatlary açyp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir