12-nji martda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Emil Briks bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öz oňyn, bitarap syýasaty bilen halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de taraplar suw diplomatiýasy we howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri boýunça pikir alşyp, dünýäniň häzirki zaman tendensiýalarynda Türkmenistanyň başlangyçlary barada gürrüň etdiler. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wena Diplomatik Akademiýasynyň arasyndaky ileri tutulýan hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýji we ony işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri hödürledi. Hususan-da, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, geosyýasat we ykdysady gatnaşyklar ýaly ugurlar boýunça aktual dersleri okatmagyň hilini gowulandyrmak; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň çäginde energetika diplomatiýasy, suw diplomatiýasy, sanly diplomatiýa we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň tejribeli professor-mugallymlary tarapyndan wideoşekilli okuwlary gurnamak ýaly teklipler agzaldy. Mundan başga-da, ýaş diplomatlaryň alyş-çalşygy, mugallymlaryň we talyplaryň tejribelik okuwlary, degişli bilelikdäki kurslary we seminarlary guramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň Diplomatik okuw boýunça Halkara forumyna goşulmagy barada şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu Halkara forum dünýäniň nusgawy diplomatiýasynda gazanylan tejribeler, diplomatiýa ylmynda öňde duran wezipeler we özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan platforma bolup hyzmat edýär. Öz dörän wagtyndan bäri 56 döwletiň iň öňdebaryjy halkaraçy hünärmenleri taýynlaýan ýokary okuw jaýlary onuň agzalygyna goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoryny 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Çernogoriýada geçiriljek indiki nobatdaky 50-nji Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bardylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir