Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdylla adyndaky Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (KAUST) alymlary ýaglanan tekizlikde ýygnanýan suw damjalarynyň çylşyrymly “tanslary” ýerine ýetirýändigini anykladylar. "Çiriosyň effektine" meňzeş bu hereket gurak sebitlerde atmosferadan suw ýygnamagy çaltlaşdyrmakda ulanylyp bilner. Adaty gaty tekizlikde jemlenen damjalar aşak gaçmak üçin ýeterlik massa ýygnaýança hereket etmän, oňa “ýapyşýarlar”. KAUST-yň alymlary ýukajyk ýagly örtügiň goşulmagy damjalaryň has çalt hereket etmegine we täzeleriniň ýygnanmagy üçin ýer boşatmagyna täsirini ýetirer diýip çak edýärler. Synaglar onlarça mikrometrden birnäçe millimetre çenli ululykdaky ýygnanan damjalaryň öz-özünden birleşip, “tansa” başlaýandygyny görkezdi. Damjalar typýar we çalgy ýagy gutarýança ýylanlar ýaly towlanýar, şondan soň döwre gurap hereket edip başlaýar. Ýagy tekizlige gaýtadan paýlamak bilen, damjalar ýene “ýylan tansyny” dowam edýärler. Gözlegiň ýolbaşçysy Markus Lin şeýle gürrüň berýär: "Deslap olar ýylan görnüşinde hereket etdiler, soňra töwerekleýin herekete geçdiler we ýene-de ýylanyň hereketine gaýdyp geldiler. Bu hereketler mikrometrden birnäçe santimetre çenli möçberdekäler amala aşmak bilen, birnäçe sagatlap dowam etdi". "Çiriosyň täsiri" tekizligiň ýüzündäki dartyşlar ýüzüp ýören suw zireleriniň toplanmagyna sebäp bolýar. Mysal üçin, patragyň üstüne süýt guýsaňyz, olar bir-birine ýapyşyp başlar. Edil şonuň ýaly, ýagda toplanan damjalar bir-biri dartyp ugraýar. Uly damjalaryň hereketi olar kiçijiklerini özüne siňdirenlerinde çykýan energiýa bilen baglanyşyklydyr. Alymlar, energiýa sarp etmezden, ýönekeý kondensasiýa arkaly howadan suwy netijeli alýan enjamlaryň süýji suwuň ýetmezçilik edýän sebitlerinde uly islegden peýdalanjakdygyny bellediler. Damjalaryň tansyny optimizirlemek kondensatyň tizligini ep-esli ýokarlandyrar, diýmek, has netijeli suw ýygnamak ulgamlarynyň ösmegine sebäp bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir