Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň alymlary ýokary belokly mal iýmini öndürmek üçin azyk galyndylarynda siňek liçinkalaryny ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny döretdiler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar. ITMO-nyň Ekotehnologiýalar fakultetiniň gözlegçileri gara siňek liçinkalary üçin olara belok ýygnamaga mümkinçilik berýän “berhiz” döretdiler. Adatça, liçinkalarda, takmynan, 35-40% belok bolýar. Gözlegiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu görkezijini 60% -e çenli ýokarlandyrmak üçin olary gatan çörek we bugdaý kepegi ýaly galla galyndylary bilen iýmitlendirmeli. Tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlygy bar. Sebäbi, diňe suw içýän uly siňeklerden tapawutlylykda, siňek liçinkalary möhleti geçen iýmitler, iýmit galyndylary, suw arassalaýjy desgalaryň, oba hojalygynyň we azyk senagatynyň zyňyndylary bilen iýmitlenip bilýärler. Mundan başga-da, liçinkalardan alnan belok konsentratyny haýwanlar, guşlar we balyklar gowy özleşdirýär hem-de konsentratda olaryň saglygy üçin peýdaly aminokislotalar bar. Onuň ykdysady taýdan peýdasy hem bar: siňek liçinkalary has gymmat ösümlik iýmitleriniň ornuny tutup biljek arzan we elýeterli belok çeşmesidir. Ýokarda agzalan “gara liçinka” siňegiň adamlar üçin howpsuz görnüşidir. Bir ene siňek 500-600-e çenli ýumurtga öndürip bilýär, olardan liçinkalar 25 günde ösüp çykýar. Agramy ýeten liçinka guradylýar we gaýtadan işlenip, üwelip un ýaly görnüşe getirilýär. Lipidler biodizel we kosmetologiýada palma ýagynyň oruntutary hökmünde ulanylýar, ýagy alnan belok konsentraty bolsa haýwan iými hökmünde peýdalanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir