Hytaý Pekindäki we beýleki şäherlerdäki ýedi hassahanada neýrohirurglar üçin emeli aňy synagdan geçirip başlady. Model Meta-nyň Llama 2.0 ulgamynyň binýadynda döredildi. Bu akylly kömekçi lukmançylyk makalalaryny we gollanmalary seljermek hem-de hirurgiki maslahat bermek arkaly hirurglara kömek etmek üçin taýýarlanýar. Hytaýyň döwlet edaralary OpenAI-iň ChatGPT-niň ruhunda emeli aň tehnologiýalaryny döretmek üçin hususy kompaniýalara goşulýarlar. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň TaiChu modeli ilkinji bolup awgust aýynda köpçülikleýin ulanmak üçin makullanyldy. Bu tehnologiýa diagnoz we maslahat beriş pudagynda potensial öwrülişik hasaplanýar. Gonkongda ýerleşýän Emeli aň we robototehnika merkezi öz modeline saglygy goraýyş ulgamynda tälim bermek üçin, takmynan, 100 grafiki professor ulandy. Olar özleriniň AI boty CARES Copilot 1.0-yň milliondan gowrak ylmy makalalardan jümleler bilen soraglara jogap berip biler hem-de şekil we ses ýaly anyklaýyş maglumatlary gaýtadan işlär diýip umyt edýärler. Olar geljekde emeli aňyň has işjeň orun eýelemegini, mysal üçin, lukmanlara töwekgelçilikli amallara garşy duýduryş bermegini meýilleşdirýärler.