Apple Ýewropa Bileleşiginde güýje giren Sanly bazarlar hakynda kanunynyň (DMA) talaplaryny ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ekoulgamynyň ýakyn wagtda boljak üýtgeşmelerini beýan edýän 12 sahypalyk resminama çap etdi. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli Apple iOS-da ulanyjylara Apple Maps-den başga programmalary deslapky nawigasiýa hyzmaty hökmünde saýlamaga mümkinçilik berýän üýtgeşmeler girizer. Şeýle hem Apple öňünden gurnalan Safari brauzerini iPhone-dan öçürmäge mümkinçilik berer. Netijede, ulanyjylar Google Chrome ýa-da Opera ýaly beýleki programmalary deslapky web serfing programmasy hökmünde saýlap bilerler. Şol bir wagtyň özünde, Apple programma dükanyndaky maglumatlary dolandyryş sazlamalaryny has çeýe eder. Mysal üçin, ulanyjylar iPhone-yň programma dükanyndan ýükläp aljak gündelik ýa-da hepdelik maglumat çäklerini kesgitläp bilerler. Şeýle hem Apple hyzmatlaryndaky hasaplardan maglumatlary başga işläp düzüjileriň şuňa meňzeş önümlerine geçirmegi aňsatlaşdyrar. Bu, ilkinji nobatda, onlaýn aýdym-saz platformalarynyň ulanyjylaryna elýeterli bolar.