DxOMark barlaghanasynyň hünärmenleri Oppo Find X7 Ultra flagman smartfonynyň kamerasyny synagdan geçirdiler we enjamy kameralaryň sanawynda birinji orunda goýdular. Synaglaryň netijesinde Oppo Find X7 Ultra 157 utuk toplady we Huawei Mate 60 Pro+ bilen bilelikde iň oňat kameralary bolan smartfonlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Oppo-nyň flagmany hersi 550 megapiksel durulykda dört kamera eýedir, olaryň arasynda sanda iki modul – 2,8 we 6 esse optiki ýakynlaşdyrmaly periskoplarlar bardyr. Bu şeýle çözgüt ulanylan ilkinji smartfondyr. DxOMark-yň hünärmenle, suratlarda-da, wideo düşürilende-de Oppo Find X7 Ultra-nyň reňk geçirişiniň hiline hem-de ak reňkiň deňagramlylygyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, obýekti we fony takyk bölýän ajaýyp boke-täsiriniň, şeýle hem ýokary derejeli detalizasiýanyň bardygy bellenilýär. Periskop suratlary hem ajaýyp detalizasiýa görkezdi, portretler we peýzažlar bolsa takyklyk täsirini we giň dinamiki diapazony görkezdi. Şeýle-de bolsa, makro we ultra giň burçly kamera suratlarynda detallaryň kiçelmegi we ýokary kontrastly ýagdaýlarda täsiriň durnuksyzlygy ýaly käbir kemçilikler ýüze çykaryldy. Oppo Find X7 Ultra ýanwar aýynyň başynda 12/256 GB nusgasy üçin 6 müň ýuandan (takmynan, 840 dollar) başlanýan baha bilen satuwa çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir