Apple kompaniýasy Microsoft Surface Studio meňzeýän sensorly Mac kompýuterini beýan edýän patentini täzeledi. Bu barada 9to5Mac portaly Patent Apple-a salgylanyp habar berýär. Resminamada kompýuter «suratkeşler we beýleki ulanyjylar üçin egreldilýän sensor ekranly amatly iMac-yň dizaýny» diýlip suratlandyrylýar. Patent arzasynyň kompaniýa tarapyndan geçen ýylyň noýabr aýynda tabşyrylandygy, indi bolsa Apple-iň ony täzeländigi we enjamyň binýadyny, aýlanýan mehanizmi we enjamy berkitmek ulgamyny goşandygy bellenilýär. Mundan başga-da, bu resminamada kompýuter däl-de, ony saklamak üçin aýlanýan direg hasaba alynýar, Apple-iň dizaýnerleriniň bellemeklerine görä, ol iMac-yň daşalmagyny aňsatlaşdyrar. 9to5Mac-yň žurnalistleriniň pikiriçe, bu sensor ekranly kompýuter 2016-njy ýylda hödürlenen Surface Studio örän meňzeýär. Patentiň bolmagy Apple-iň hakykatdanam şuňa meňzeş enjamy öndürjekdigini aňlatmaýar. Şeýle-de bolsa, duýgur ekranly we sazlanyp bilinýän diregli Mac-dan ýüz öwrülmese, şeýle enjamyň peýda bolmagy üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler.