Apple mahabat berijileriň uly bolmadyk topary bilen bilelikde täze emeli aň esasly guraly synagdan geçirip başlady, ol App Store-iň haýsy bölümlerine bannerleri goýmalydygyny awtomatiki ýagdaýda kesgitleýär. Apple-iň emeli aň bilen işleýän guraly Google-yň Performance Max we Meta-nyň Meta's Advantage+ hyzmatlarynyň analogydyr. Ol mahabat berijilere býujetini, bannerleri görkezmegiň we salgylar esasynda oňa girmegiň bahasyny, islenýän tomaşaçylary we mahabat çäresiniň geografiýasyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ondan soň Apple-iň algoritmi App Store-iň bar bolan bölümlerinde iň täsirli mahabat ýerleşdirilmegini awtomatiki usulda kesgitleýär. Bu başlangyjyň Apple-iň mahabat hyzmatlaryny gowulandyrmak we giňeltmek boýunça has giň meýilnamalarynyň bir bölegidigi bellenilýär. Apple häzirki wagtda App Store-da gözleg bölümindäki bannerleri, gözleg netijeleriniň sahypasyny, teklipler bölümini, programma önümleriniň sahypalaryny we başgalary öz içine alýan dürli mahabat formatlaryny hödürleýär. Apple-iň bu tehnologiýany App Store-da synagdan geçirip, ony Apple News, Stocks, Sports ýaly özüniň beýleki hyzmatlaryna hem ýaýradyp başlamagyna garaşylýar.