13-nji martdan 15-nji mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ – Merkezi Aziýa (B5+1) görnüşinde ilkinji işewürlik dialogy geçiriler. Forum ykdysady ösüş we ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. B5+1 forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmeginde Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmak” (IBECA) maksatnamasynyň çäklerinde öňe sürüldi. Foruma ABŞ-dan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hökümetleriň, biznesiň we halkara guramalarynyň esasy wekilleri gatnaşar. Forumyň birinji güni B5+1-iň maksatlaryna we garaşylýan netijelere, şeýle-de ykdysady integrasiýany we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň mümkinçiliklerine bagyşlanar. Ikinji gün Merkezi Aziýada söwda we maýa goýum akymlaryny ösdürmegiň halkara perspektiwasyny hödürlär. Amerikan kompaniýalary MA-nyň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýmak tejribeleri bilen paýlaşarlar, ýerli işewürlik assosiasiýalary bolsa ösüş we täze bazarlara çykmak üçin döwlet bilen hususy pudaklaryň arasyndaky dialog üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar. Forumyň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumy gün tertibiniň üstünde bilelikde işlemek üçin borçlary kesgitleýän bilelikdäki beýannama kabul ediler. Ýörite işewürlik platformasyny döretmek baradaky ylalaşyk 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda “C5+1” görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň liderleriniň sammitinde gazanyldy. Platforma C5+1-iň üstüni ýetirmeli we MA bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir