Porsche taryhda özüniň iň kuwwatly awtomobilini resmi taýdan hödürledi. Ol 1092 at güýjüni berýän elektrik güýç gurluşyna eýe bolan Porsche Taycan Turbo GT boldy diýip, ixbt.com habar berýär. Bu awtomobil 2,3 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 290 km barabar. Ýöne Weissach bukjasy bilen awtoulag birneme dinamiki bolýar (2,2 sekuntda sagatda 100 km çenli), iň ýokary tizlik bolsa sagatda 305 km ýetýär. Porsche Taycan Turbo GT-de köp detallar karbondan ýerine ýetirilen, şonuň üçin ol Taycan Turbo S-den tas 75 kg ýeňildir. Taycan Turbo GT gowy işlenen işjeň magnit asma we adatdakysyndan diňe bir ýeňil bolman, eýsem tormoz diskleriniň wentilýasiýasyny has gowulandyrýan ýörite 21 dýuýmlyk teker disklerine eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, Porsche Taycan Turbo GT karbon-keramiki tormozlary PCCB (Porsche Carbon Ceramic Brake) bilen üpjün edildi, supportlar altynsow reňke boýaldy. Taycan Turbo GT alty reňkde, şol sanda täze Violet Sky Metallic we Light Blue Metallic reňklerinde elýeterlidir. Alyjylar hatda Taycan logotipiniň reňkini hem saýlap bilerler: ol gök ýa-da gara (öçügsi ýa-da ýalpyldawuk) bolup biler. Salonda uglerod süýüminden (Weissach bukjasynyň çäklerinde) 18 taraplaýyn sazlanylýan sport oturgyçlary bar. Ýanwar aýynda Taycan Turbo GT Nýurburgring ýolunyň Demirgazyk halkasy boýunça aýlawy 7 minut 7 sekuntda geçip, elektrik sedanlary üçin rekord goýdy (ol Tesla Model S Plaid-den 17,6 sekunt we Taycan Turbo S-den 26 sekunt tiz boldy). Ýöne rekord resmi hasaba alynmady, sebäbi sürüşe tapgyrlaýyn model däl-de, prototip gatnaşdy. Porsche Taycan Turbo GT ABŞ-da deslapky sargyt üçin elýeterlidir, bahalar 136 müň dollardan başlaýar.