Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç Indian-Uellsde geçirilýän “Masters” tennis ýaryşynyň 1/8 finalyna çykyp bilmedi. Ol üçünji tapgyrda dünýäniň 123-nji raketkasy italiýaly Luka Nardiden 4:6, 6:3, 3:6 hasabynda utuldy. Tennisçileriň duşuşygy dogry 2 sagat 20 minut dowam etdi diýip, championat.com habar berýär. Indiki raundda Nardi dünýäniň 17-nji raketkasy amerikaly Tommi Pol bilen duşuşar. Ol üçünji tapgyrda fransiýaly Ugo Umberden üstün çykdy. Indian-Uellsdäki “Masters” ýaryşy 6-njy martdan 17-nji mart aralygynda dowam edýär, ýaryşyň baýrak gaznasy 8 995 555 dollara barabar. Geçen ýyl ýeňiji ispaniýaly Karlos Alkaras boldy, ol finalda russiýaly Daniil Medwedewi 6:3, 6:2 hasabynda utdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir