Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar-2024” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 19,5 million tomaşaçy tomaşa etdi, bu bolsa geçen ýylkydan 4% köp diýildigidir. Bu soňky dört ýylda iň gowy görkeziji boldy diýip, Variety habar berýär. Şu ýylky çäre adatdakysyndan bir sagat öň başlandy. “Oskar 2024” 2021-nji ýyldan bäri gözegçilik edilýän tomaşaçylar köpçüliginiň ösüş tendensiýasyny dowam etdirdi. COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly faktorlaryň täsiri bilen, 2021-nji ýylda dabara tomaşaçylaryň iň az mukdary - 10,4 milliony tomaşa etdi. 2022-nji ýylda olaryň sany 16,6 milliona, 2023-nji ýylda bolsa 18,8 milliona ýetdi. Tomaşaçylaryň köpelendigine garamazdan, “Oskar” henizem iň ýokary görkezijilerine ýetmedi. 2014-nji ýylda dabara 43 million adam tomaşa edipdi. Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi 2024-nji ýylda “Oskar”-yň esasy ýeňijisi boldy. Film, iň gowy filmi hem goşmak bilen, 7 baýrak aldy (13 nominasiýanyň içinden). Baýraklaryň sany boýunça ikinji orny 4 ýeňiş bilen “Betbagt biçäreler” fantastik dramasy eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir