Hytaýyň smartfon we hojalyk enjamlaryny öndüriji kompaniýasy Xiaomi 28-nji martda özüniň ilkinji elektromobilini – SU7 sedanyny satuwa çykarar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi diýip, 1prime.ru belleýär. Leý Szýun tarapyndan berlen maglumatlara görä, elektromobiliň resmi satuwy 28-nji martda başlar, sargytlar Hytaýyň 29 şäherindäki 59 dükanda kabul ediler. Elektrokary 25-nji martdan synap görmek bolar. Kompaniýa heniz awtomobiliň bahasyny aýan etmeýär, ýöne öň Leý szýun SU7-niň 500 müň ýuana (takmynan, 70 müň dollar) bäsdeşleriniň azdygyny belläpdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir