Faraon Ramses II-niň ägirt heýkeliniň ýokarky bölegi Kairden 250 km günortada ýerleşýän gadymy şäher Germopolda tapyldy. Bu barada Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň beýanyna salgylanyp, Live Science habar berýär. Gazuw-agtaryş işleri ministrlikden arheolog Basem Gehadyň we Boulderdäki (ABŞ) Kolorado uniwersitetinden Iwon Trnka-Amreýniň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi. Heýkeliň aşaky bölegini 1930-njy ýylda germaniýaly arheolog Gýunter Rýoder tapdy. Asyl heýkeliň beýikligi aşaky we ýokarky bölekler birikdirilende 7 metre ýetýär. Gadymy Müsüriň faraony Ramses II, takmynan, b.e.öňki 1279-njy ýyldan 1213-nji ýyl aralygynda höküm sürüpdir. Ol 25 ýaşynda tagta çykýar we 66 ýyllap hökmürowanlyk edýär. Ol aradan çykan wagty 90 ýaş töwereklerinde eken. Heýkel ony goşa täçde we şa kepjebaşly başgapda şekillendirýär. Heýkeliň arka tarapynda ieroglifler bar. Olar hökümdaryň dürli titullaryny aňladýar. Ramses II Gadymy Müsüriň XIX nesilşalygyndan hasap boýunça üçünji faraon bolupdyr. Onuň dolandyran döwründe Gadymy Müsür çäkleri häzirki Sudandan Siriýa çenli uzap gidýän ägirt imperiýa bolan.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir