ABŞ-da nebitiň gazylyp alnyşy yzygider altynjy ýyl taryhda beýleki islendik ýurduň önümçilik derejesinden ýokary boldy. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär. Hasabatda bellenilişi ýaly, ABŞ-da nebitiň gazylyp alnyşy, kondensaty hem goşmak bilen, 2023-nji ýylda ortaça günde 12,9 mln barrel bolup, 2019-njy ýylda goýlan günde 12,3 mln barrel derejedäki öňki ABŞ we dünýä rekordyny täzeledi. Hususan-da, ABŞ-da nebitiň ortaça aýlyk gazylyp alnyşy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bir günde 13,3 mln barrelden gowrak rekord derejä ýetdi. ABŞ-nyň nebit önümçiliginiň rekordyny ýakyn wagtda hiç kim täzelemese gerek, sebäbi beýleki ýurtlaryň hiç biri günde 13 mln barrel derejede önümçilik kuwwatyna ýetmedi diýip, EIA hasaplaýar. 2023-nji ýylda ABŞ, Russiýa we Saud Arabystany bilelikde global nebit önümçiliginiň 40%-ini (günde 32,8 mln barrel) emele getirdi. Bu üç ýurt 1971-nji ýyldan bäri beýleki islendik ýurtlardan has köp nebit öndürýär diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrligi belleýär. Deňeşdirmek üçin, indiki üç uly nebit öndürijisi – Kanada, Yrak we Hytaý bilelikde 2023-nji ýylda günde 13,1 mln barrel gazyp aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir