11-nji maýda Monakoda geçiriljek RM Sotheby’s auksionynda “Formula-1-iň” taryhynda iň özboluşly bolidleriň biri – Tyrrell P34 satylar. Bu bolid 1979-njy ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynda gazanan ýeňşi bilen belli bolan Jodi Şektere degişlidir. Tyrrell P34 1976-njy we 1977-nji ýyllaryň möwsümlerindäki ýaryşlara gatnaşdy. Onuň şeýle gysga taryhy bolidiň örän gowy ýagdaýdadygyny aňladýar. Awtomobil 3,0 litrlik V8 Ford-Cosworth DFV hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. P34-üň adaty bolmadyk alty tekerli dizaýny Tyrrell-iň tehniki müdiri Derek Gardneriň döredijilikli pikirlenmesiniň netijesi boldy. Gardner goşmaça iki tekeriň bolmagy has gowy tormoz bermäge getirer diýip pikir etdi. Ýöne hakykatda kynçylyklar ýüze çykdy. Şekteriň “Motor Sport” žurnalyna gürrüň bermegine görä, öwrüme gireniňde tekerler boş aýlanýardy. Bu dolandyryşda hem kynçylyklary döredýärdi. Salonyň aýratynlygy kuzowa ýerleşdirilen dury paneller bolup, olar sürüjä şinalary görüp, olaryň könelme derejesine baha bermäge mümkinçilik berýärdi. Awtomobili 490 000 – 700 000 dollar aralygynda satmak meýilleşdirilýär.