Ilon Maskyň eýeçiligindäki X sosial ulgamy YouTube-a gönüden-göni bäsdeş boljak akylly telewizorlar üçin wideo programmasyny hödürlemäge taýýarlanýar. Fortune-nyň berýän habaryna görä, X-iň programmasynda YouTube-yň telewizion programmasyna meňzeş interfeýs bolar we häzirlikçe diňe Amazon we Samsung enjamlarynda elýeterli bolar. Wideo programmasyny işe girizmek bilen, X YouTube-yň we Twitch-iň agdyklyk edýän wideo mazmun bazaryna girer. Ilon Maskyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda 44 milliard dollara Twitteri (häzirki X) satyn alandygyny ýatladýarys.