Honor kompaniýasy indiki flagman smartfony - Magic6 Ultimate-iň dizaýnyny mälim etdi. Enjamyň ilkinji tizeri kompaniýa tarapyndan sosial ulgamlarda neşir edildi diýip, iXBT portaly habar berýär. Paýlaşylan tizerden çen tutsaň, Honor Magic6 Ultimate adaty bolmadyk inedördül şekilli kamera bölümi bilen üpjün ediler. Täze önüm 18-nji martda Hytaýda geçiriljek ýörite çärede tanyşdyrylar, bu ýerde fewral aýynyň ahyrynda yglan edilen Honor Magic6 RSR Porsche Design we Honor MagicBook Pro 16 noutbugy hem görkeziler. Honor Magic6 Ultimate has güýçli aýratynlyklary bolan we täzeden dizaýn edilen Magic6 Pro smartfonynyň kämilleşdirilen görnüşidir. Asyl Magic6 Pro modeli 6,8 dýuýmlyk LTPO OLED ekrany, Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 çipi, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat we 256 GB-dan 1 TB çenli goşmaça ýat bilen üpjün edilendir. Smartfonda üç kamera bar: 50 MP durulykly esasy kamera, 180 MP 2,5 esse ulaldýan periskoply teleobýektiw we 50 MP ultra giň burçly modul. Öň tarapynda 50MP selfi kamerasy we 3D-ToF datçigi bar.