SpaceX ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna (FCC) adaty smartfonlara özüniň emeli hemralaryna gönüden-göni birikdirmäge mümkinçilik berýän Direct to Cell tehnologiýasy bilen üpjün edilen Starlink emeli hemralarynyny üstünlikli synagdan geçirendigini barada hasabat berdi. FCC üçin taýýarlanan resminamada emeli hemralaryň T-Mobile operatorynyň PCS G Blok spektrini ulanyp, Samsung, Apple we Google Pixel ýaly dürli smartfonlar bilen üstünlikli aragatnaşyk saklandyklary aýdylýar. Aragatnaşyk şäher we oba ýerleri, ýapyk we açyk meýdançalar, agaçly ýerler ýaly dürli şertlerde üpjün edildi. Şeýle hem kompaniýa emeli hemralaryň görünýän wagtynda beýleki enjamlaryň päsgelçiligi bolmazdan maglumat geçirişini saklaýandygyny aýtdy. SpaceX Starlink tehnologiýasynyň internet maglumatlarynyň binalaryň içindäki smartfonlara geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady. Kompaniýa takyk maglumatlary aýan etmedi, ýöne öýjükli aragatnaşygyň emeli hemra tehnologiýasyny iň ýokary rugsat berilýän güýç akymynyň iň gür wagtynda synagdan geçirendigini anyklady. Ilon Maskyň kompaniýasynda Starlink öýjükli aragatnaşyk emeli hemralarynyň beýleki telekommunikasiýa we emeli hemra hyzmatlarynyň radio päsgelçiligine sebäp boljakdygy baradaky aýdanlaryny ýalanladylar. SpaceX FCC-iň rugsatnamasyny alandan soň, şu ýyl T-Mobile-iň müşderileri üçin Starlink emeli hemra öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Ilki bilen, bu hyzmat SMS habar alyşmalaryny goldar, indiki ýyl bolsa sesli jaňlar we internet goldawy goşular. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa ýakyn wagtda Cell-to-Cell tehnologiýasy bilen üpjünedilen 800-den gowrak emeli hemra uçurar.