Çehiýanyň Skoda kompaniýasy ýakyn wagtda bazarda peýda boljak täze krossoweriniň suratyny görkezdi. Gürrüň tanyşdyrylyş dabarasy 15-nji martda geçiriljek elektrik krossoweri barada barýar. Awtoulag öndürijisi hiç hili goşmaça maglumat bermedi. Suratdan çen tutsak, täze Skoda modelinde relýefli kapot, yşykly logotip, egri ýagtylyk elementleri bolan çyralar we olary birleşdirýän LED zolak bolar. Şeýle hem awtoulag giň teker arkalary we üçeginde reýling bilen üpjün ediler. Kompaniýada munuň konseptual modeldigini we onuň esasynda önümçilik maksatly ulagyň köpçülikleýin öndüriljekdigini aýtdylar. Awtoulagyň bazara çykaryljak takyk senesi mälim edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir