“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti milli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 4G enjamlaryny gurnamak boýunça iş alyp bardy. Indi ýokary tizlikli internet diňe bir uly şäherlerde däl, eýsem ýurduň etraplarynda we uzakdaky şäherçelerinde hem elýeterli boldy. Bu ugurda işler dowam edýär diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär. Hususan-da, “Altyn asyr” Ahal welaýaty boýunça 4G stansiýasyny eýýäm gurnady we işe girizdi: Tejen, Kaka, Gökdepe, Bäherden, Sarahs etraplarynda, Bahadaýhan we Ak bugdaý etraplarynda; Balkan welaýaty boýunça: Türkmenbaşy, Balkanabat, Gumdag, Hazar şäherlerinde, Magtymguly, Serdar, Bereket, Etrek, Esenguly etraplarynda; Daşoguz welaýaty boýunça: Daşoguz şäherinde, Görogly, Gubadag, Şabat, Akdepe, Gurbansoltan eje, Boldumsaz, Köneürgenç we Türkmenbaşy etraplarynda; Mary welaýaty boýunça: Mary şäherinde, Baýramaly, Wekilbazar, Mary, Murgap, Türkmengala, Sakarçäge, Garagum, Ýolöten, Tagtabazar we Serhetabat etraplarynda; Lebap welaýaty boýunça: Türkmenabat şäherinde we Dänew etrabynda. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Köýtendag, Hojambaz, Farap, Darganata etraplarynda we Döwletli etrabynda 4G stansiýalaryny gurnamak işleri dowam etdirilýär. 4G-niň artykmaçlygy diňe bir sekuntda 100 Mbite çenli maglumatlary geçirmek tizliginden däl-de, eýsem ses aragatnaşygynyň ýokary hilli bolmagyndan, abonent ýerini üýtgedende birikme tizliginiň saklanmagyndan ybarat. Mundan başga-da, 4G LTE ykjam interneti gigabaýt maglumatlary ýükläp almaga, IP ulanmaga, ýokary durulykda wideo görmäge, onlaýn aýdym diňlemäge we sosial ulgamlarda habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Öň, biz Türkmenistanda eýýäm 5G ülňülerini ornaşdyrmak maksady bilen gözlegleriň geçirilýändigini habar beripdik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir